Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde ildeşlerimiziň her biri toýa sowgatly barmak üçin yhlas edýär.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýurdumyzyň garaşsyzlygyny wasp edip ýerine ýetiren nakgaş eserleriniň muzeýimizde baýramçylyk sergisiniň dabaraly açylşy boldy. “Berkarar ýurdumyň kämil sungaty” diýlip atlandyrylan wagtlaýyn sergide ýerleşdirilen her bir eserde garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň bagtyýarlyk öwüşginde şöhlelenşi ussatlyk bilen wasp edilipdir. Aýratyn mazmuna eýe bolan serginiň çäginde tomaşaçylara bu çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýewiň mekdebiň durmuşy, mekdepde talyplara dünýä we milli şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň tärleriniň öwredilişi barada gürrüň bermegi serginiň täsirliligini has-da artdyrdy. Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölüminde okaýan talyplary hem bu sergini ýakyndan synlamaga gelip, ýaş nesilleriň sungata bolan ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga, bu ugurda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Sergi dowam edýär. 21.08.2024 ý.
Taýýarlan: Medeni aň-bilim we usulyýet işleri
bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy L.Nurmedowa
Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew