DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Köneürgenç binägär ussalaryň şäheri

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň bellenilýän ýylynda ýurdumuzda ähli ugurlarda öňe gidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni we taryhy gymmatlyklarymyza, uly sarpa goýulýar . Awgust aýynyň 17-ne muzeýde geçirilen “Köneürgenç binägär ussalaryň şäheri” atly dabaraly çäräniň özi muňa aýdyň mysaldyr. Bu dabaraly çäräniň çäginde muzeýimiziň wagtlaýyn sergiler bölüminde Köneürgenç döwlet goraghanasyndan tapylan taryhy tapyndylarynyň göçme sergisi gurnaldy. Çärä gatnaşyjylara bu arheologiki tapyndylar we milli gymmatlyklarymyz barada gyzykly ekskursiýa geçildi. Dabara gatnaşyjylar döwletimiziň baý mirasyny dikeltmekde, ony aýawly saklamakda, tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirip olaryň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.17.08.2024 ý.

Taýýarlan:Medeni aň-bilim we usulyýet
işleri bölüminiň ylmy işgäri: D. Amandurdyýewa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri : B.Uzakberdiýew