Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary ýylyň dowamyndaky möhüm oba hojalyk çäresine ýagny, pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyz hem rysgal berekete baý ýyllaryň biri boldy. Bu gün ilkinji ak pagtanyň ilkinji ýygymy Watan harmanyna tabşyrylýar. Şu dabara mynasybetli Köneürgenç etrabyndaky Pagta arassalaýjy kärhanasynyň töweregi toý dabarasyna beselendi. Bu ýer baýramçylyk ruhyna kybap derejede bezelip, ýaşyl tugumyzyň al asmana erkana pasyrdaýşy, köp öwüşgünli sergileriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, aýdym-sazyň belentden ýaňlanmagy, joşgunly tanslaryň, folklor toparynyň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary bolsa dabaranyň bezegine öwrüldi. Çärä gatnaşyjy myhmanlar şöhratly geçmişimizden habar berýän milli gymmatlyklarymyzy synlap, lezzet aldylar. Bu sergide gelin-gyzlarymyza mahsus el-işleri bolan halylaryň, palaslaryň, haly we haly önümleriniň, milli bezeg şaý seplerimiziň, oba hojalygynda ulanylan gurallaryň we keramika önümleriniň goýulmagy has-da gyzykly bir ýagdaýy döretdi.
Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin çäksiz minnetdalrlyk bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar ! 07.09.2024 ý.
Taýýarlan: Medeni aň-bilim we usulyýet
işleri bölüminiň müdüri : Ç.Annaýewa
Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew