DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY

Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet bölüminiň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň bilelikde guramagynda, Türkmen Alabaýynyň baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ” atly baýramçylyk sergisi guraldy.
Sergide muzeýiň gaznasynda saklanýan şekillendiriş sungaty eserleri, muzeý gymmatlyklary, welaýatyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň hem-de Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň talyplarynyň türkmen alabaýyny wasp edip ýerine ýetiren eserleri ýerleşdirilen. Her bir eseri synlanyňda ynsanyň wepaly dosty-türkmen alabaýynyň çydamlylyk, gaýduwsyzlyk, eýesine wepalylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň çeperçilik bilen beýan edilendigini görmek bolýar.
Sergä gatnaşyjylar, umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň uly işleri alyp barýandyklary barada buýsanç bilen bellediler. 22.10.2024 ý.
Taýýarlan: Medeni aň-bilim we usulyýet işleri
bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmedowa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew