DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Muzeý gaznasy baýlaşýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän geçmiş medeniýetidir köp asyrlyk taryhyny, milli gymmatlyklary öwrenmeklige giň mümkinçilker döredildi. Dana halkymyz “Geçmişiň ýaňy-geljegiň şöhlesi” diýýär. Şoňa görä-de gadymy taryhymyz ylmy esasda öwrenilip, halkymyza ýetirilýär we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alada edilýär. Türkmen taryhy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýylyň-ýylyna dünýäniň ençeme döwletlerinden alymlar, sungaty öwrenijiler Ata-Watanymyza gelip, türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni ýadygärlikleri öwrenýärler. Belli bolşy ýaly Daşoguz topragy geçmiş taryhy, baý edebi mirasy, gadymy galalary, taryhy ýadygärlikleri we beýleki gymmatlyklary bilen dünýä ýüzüne meşhurdyr. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan halkymyzyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly gymmatlyklary toplamak, öwrenmek we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek barada işler durmuşa geçirilýär. Muzeý hünärmenleri welaýatymyzyň dürli künjeklerinde iş saparlarynda bolup, saparyň netijesinde irki döwürlerde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda ulanan öý-hojalyk esbaplary, zähmet iş gurallary, milli senetçilik sungaty, el hünäri toplanylyp muzeý gymmatlyklarynyň üsti ýetirildi. 23.10.2024 ý

Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri G. Seýidowa

Ýerine ýetiriji : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B. Uzakberdiýew