DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Muzeý işi boýunça netijeli işleriň jemi

Türkmen halkynyň dana ogly Magtymguly Pyragy ata-babalarymyzyň uzak taryhly baý medeniýetini, ahlagyny, pelsepesini we şahyrana dünýäsini şygyrlar çemenine öwrüp, çeper sözden müdimi ýalkym saçýan ruhy binany miras galdyrdy. Milli çeper gymmatlyklaryň ösüşi ruhy bitewülige, özara täsirlenmä bagly bolupdyr, şunuň esasynda eýýamlaryň ruhy dünýäsi emele gelipdir.
Magtymgulynyň şahyrana dünýäsiniň köki türkmen durmuşyndan, taryhyndan, medeniýetinden, dilinden, edebiýatyndan, pelsepesinden, ahlagyndan, duýgy-düşünjelerinden başlanýar. Şularyň her haýsysy şahyryň döredijiliginde belli bir çeperçilik çözgüdi, çeper barlygy emele getiripdir.
Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halky ynsany dostluga, doganlyga, jebislige çagyrýan dana oglunyň sarpasyny belent tutýar. Ýurdumyzda Magtymgulynyň ady ebedileşdirildi. Şahyryň eserleri halklary doganlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, jebisleşdirýän mukaddeslige öwrüldi. Bu mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda welaýatyň şäher we etrap muzeýleri bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda muzeý işi boýunça edilen netijeli işleriň jemi barada özara maslahat geçirildi. Ýylyň jemini jemlemek bilen muzeý işgärleri diňe bir muzeý işi boýunça däl, eýsem medeniýet ulgamy boýunça geçirlen medeni köpçülik çäreleriň, göçme sergileriň we geljekde-de halkymyzyň taryhy medeni gymmatlyklaryny halk köpçüligine wagyz etmek işini mundan-da beýläk kämilleşdirmek barada özara pikirler alyşdylar. Maslahatyň soňunda muzeý işgärleri, Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, synmaz, özygtyýarly türkmen döwleti baradaky arzuwyny hasyl edip, söz ussadynyň sarpasyny belende göteren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Taýýarlan:Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew