DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Bitaraplyk berkararlygyň binýady

Bitaraplyk diňe halkymyza däl,eýsem, ýer ýüzüniň abadançylygynyň nyşanyna öwrüldi. Bu barada oýlanyňda kalbyň joşa gelip, döwrümize, eziz Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjyň, guwanjyň artýar.
“Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetiren şanly sene – Halkara Bitaraplyk güni tutuş ýurdumyzda we halkara derjesinde giňden dabaralandyryldy. Şeýle dabaralaryň biri hem Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda geçirildi. Bu dabarada ýyl boýunça zähmet çekip gelen muzeý işgärleriniň birnäçesine ýagny TDP-nyň muzeý agzalaryna ýurdumyzda demokratiýany we Hormatly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il ýurt bahbitli syýasatlaryny wagyz etmekde ýerine ýetiren hyzmatlaryny göz öňüne tutup, TDP-nyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Sylaglanan muzeý işgärleri Bitaraplyk baýramy bilen türkmen halkyny, hormatly Gahryman Prezidentimizi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar we şeýle mümkinçilikleri döredip beren bagtyýar günleri halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini, ýürek buýsançlaryny jogunly beýan etdiler.

Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew