Her bir ýyly mynasyp atlandyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň erk-islegi esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň halkara başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen şöhratlanjak 2025-nji ýyl hem üstünlikli ýyllaryň biri bolar. Bu babatda taryhy ülkäni öwreniş muzeýinde welaýatyň etrap muzeýleri bilen bilelikde maslahat geçirildi. Maslahatda Medeniýet ulgamy boýunça 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelerinde muzeýleriň hem gatnaşyp, gurnajak göçme sergileri göz öňüne tutmak barada pikir alşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň welaýat agzalary we beýleki döredijilik adamlary bilen bilelikde ýakyndan aragatnaşyk saklap, olaryň serigilerini muzeýlerde gurnap durmaklygy barada aýdyldy. Maslahatyň soňunda muzeý işgärleri, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Taýýarlan:
Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa
Ýerine ýetiriji:
Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew