Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan, dünýä atçylyk medeniýetinde abraýly orun eýeleýän, milli buýsanjymyza we şan-şöhratymyza, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, atlary bezemek däplerini, milli atçylyk sportyny we at üstündäki oýunlary mundan beýläkde ösdürmek, ýaş nesilleriň arasynda bedew at we atçylyk sportuna söýgini we gyzyklanmany döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monakoda iş saparynda bolan günlerinde “Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçen halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzy buýsandyrdy. Bu şatlykly waka “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şanly ýyllarymyzyň üstünlikleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda buýsançly maslahat geçirildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişli ýollarynyň dowamat bolmagyny arzuw edýäris. Türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de atly sporty, sirk sungatyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Taýýarlan:Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa
Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew