DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli we ruhy gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmeklige uly üns berilýär. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan gadymy senetleriň biri hasaplanýan keşdeçilik sungaty türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Halkymyzyň hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşly aýratynlygy bolan egin-eşikleri we olary ajaýyp sungat derejesinde bezäp geýinmegi başaran çeper gelin-gyzlarymyzyň döredijiligi örän täsirlidir. Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen medeniýetini, sungatyny, milli mirasymyzy dünýä tanaýar. Giň möçberli işleriň netijesinde “Türkmen halyçylyk sungatynyň”, “Küştdepdi” milli sungatymyzyň, “Görogly” şadessanynyň, “Keşdeçilik sungatynyň” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli medeniýetimizi, gymmatlyklarymyzy dünýäniň ykrar edýändiginiň beýany boldy.
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň “Keşdeçilik sungaty”, milli gymmatlyklarymyzy giňden ýaýmak, ýaş gelin-gyzlaryň el işlerine höwesini pugtalandyrmak maksady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky şäherçe medeniýet öýüniň tans goýujysy Akmaral Garaganowa, Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkeziniň tans goýujysy Jennet Annaýewa, muzeýiň hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagy el işleriniň gadymy nusgalary, inçe ýollary hakynda hem-de olary dünýä ýaýmak barada çykyş etdiler.
Türkmen keşdeçilik sungaty barada halkymyzyň milliliklerini täzeden dikeltmäge, dünýä halklaryna ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlygymyzy bildirýäris! 20.02.2025 ý

Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri G. Seýidowa

Ýerine ýetiriji : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B. Uzakberdiýew