Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, halk senetçiliginiň we sungatyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen yzygiderli gurnalýan göçme sergileriň biri golaýda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde guraldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen gurnalan, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisinde ýerleşdirilen halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän senetçiligiň we milli el işleriniň, milli saz gurallarynyň birnäçe görnüşleri tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminde okaýan talyplarynyň döreden dürli görnüşli döredijilik eserleri hem sergide giňden ýaýbaňlandyryldy. Gadymyýetden söz açýan bu sergide talyp ýaşlar muzeý gymmatlyklary dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogaplary aldylar.
Sergä syn edenler, ýaş nesli özleriniň saýlap alan hünäri boýunça okamaga, işlemäge, zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 03-08.03.2025 ý.
Muzeýiň Web-saýtynyň sahypasy üçin taýýarlan:Medeni aň-bilim we
usulyýet işleri bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmedowa
Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew