Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen şekillendiriş sungaty ähli ugurlary boýunça uly ösüşlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler türkmen suratkeşleriniň hem ruhuny galkyndyrýar. Ykbalyny şekillendiriş sungaty bilen baglan ussatlar öz döredýän eserlerinde ýurdumyzda bolup geçýän ösüşleri we özgertmeleri, diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edip, ajaýyp sungat eserlerini döretmeklerine badalga berýär.
Toýlary toýa ulaşýan döwürde her bir günümiz toý-baýramçylyklara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Golaýda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli bahar baýramçylygy mynasybetli “Milli bahar baýramynyň waspy reňkleriň owazynda” atly bayramçylyk sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň agzalary suratkeş Gutlymyrat Töräýewiň, Abdyşerip Kalandarowyň, Gurban Babaýewiň, Erkin Kabulowyň Baljan Pälwanowanyň, Merdan Kakabaýewiň, Ýeňiş Ýagşymyradowyň, Meýlis Moşşiýewiň, Ruslan Abdullaýewiň, Çingiz Töräýewiň, Merdan Babajanowyň, heýkeltaraş Baýgeldi Annamedowyň heýkel eserleri, Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Çemen Käbeliýewanyň gobelen eserleri, Läle Akbaýewanyň, Ýelena Mileşkinanyň, Şageldi Toýlyýewiň, Orazmyrat Şajanowyň, nakgaş eserleri halk köpçüligine ýetirildi. Bu gurnalan sergi birnäçe günläp dowam eder.
Şeýle ajaýyp zamanada zähmet çekmäge, döretmäge berýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn! 10.03.2025 ý
Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri G. Seýidowa
Ýerine ýetiriji : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B. Uzakberdiýew