Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary häzirki döwürde diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem giňden tanalýar. Bu topar ençeme gezek iri halkara gözden geçirişleriň hem-de sirk sungaty festiwallarynyň abraýly baýraklarynyň eýesidir. Halkara Gran-pri baýraklaryna mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary häzirki wagtda daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, umumadamzat medeni baýlygynyň bölegi hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen, türkmen atly ýigitleri, bu günki günde Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň döredijilik topary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlaryna özleriniň döredijilik iş saparlaryny amala aşyrýarlar. Daşoguz şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda üç günläp bu döredijilik toparlaryň şowly we şowhunly çykyşlary bolup geçdi.
Ýokary derejede geçirilen bu toparlaryň çykyşlary welaýatyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Tomaşaçylar tarapyndan bimöçber buýsanç, egsilmez hoşallyk duýgulary bilen garşy alnan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň özboluşly çykyşlary ýurdumyzda sirk sungatynyň nusgalyk derejede ösüşlere ýetenligini görkezýär.
Bu döredijilik saparynyň dowamynda toparlar, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine-de syýahat etdiler. Myhmanlar muzeýde ýerleşdirilen eksponatlary synlap, gadymy Daşoguz topragynyň taryhy, däp-dessur aýratynlyklary barada täsin maglumatlar bilen tanyşdylar. Muzeýe guralan gezelençden hoşal bolan topar muzeý işgärlerine minnetdarlyk bildirip, şeýle döredijilikli zähmet çekmek üçin döredip berýän ajaýyp, giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
09.04.2025 ý.
Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew