DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Behişdi bedewler-uçar ganatym

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli gymmatlyklarymyz bolan türkmen bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde behişdi bedewlerimizi çeperçilik sungatynda wasp etmek maksady bilen TMÝG-nyň welaýat geňeşiniň Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde sergi bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bäsleşige welaýatymyzdaky çagalar çeperçilik we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölüminiň okuwçylary öz döreden sungat eserleri bilen gatnaşdylar. “Behişdi bedewler-uçar ganatym” atly surat çekmek we sergi bäsleşiginde 1-2-3-4-nji nakgaşçylyk, heýkeltaraşçylyk, halyçylyk bölümlerinde okaýan okuwçylaryň çeken eserleri sergilendi . Türkmen bedewleriniň ýyndamlygyny, gözelligini wasp edýän ýaş suratkeşleriň dören eserleri sergide mynasyp orun eýeledi. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Tükmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy. 18.04.2025 ý

Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri G. Seýidowa

Ýerine ýetiriji : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B. Uzakberdiýew