Bu günler ýurdumyzda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk baýramy uludan tutulýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda bu şanly sene mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda muzeýiň “Şöhrat” muzeý şahamçasynyň “Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergisiniň açylyşy dabaralandy. Dabara Daşoguz welaýat kazyýeti, Daşoguz welaýat Adalat bölümi, Daşoguz welaýat Döwlet Arhiwi hem-de TMÝG-nyň Daşoguz welaýat geňeşi gatnaşyp, nesilleriň parahat durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiz bilen birlikde, Beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz hem uly hormat bilen ýatlandy.
Myhmanlara Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň edermenligini, merdanalygyny, halkymyzyň belent watançylyk duýgusyna ýugrulan gahrymançylygyny beýan edýän muzeý gymmatlyklary barada gyzykly ekskursiýa geçirildi. Munuň bilen bir hatarda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym Berdimuhammet Annaýewyň nusgalyk durmuşy barada dürli metbugat maglumatlaryň ýerleşdirilmegi dabara gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy.
Halkymyzyň baky bagtyýarlygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy we asudalygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin!
Taýýarlan:Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew
Ýerine ýetiriji: Kompýuter ulgamlaryny dolandyryjy
inženeri: Allaýewa A