DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Türkmenistan döredijilik ylhamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Medeniýet ulgamynyň gazanan ähli üstünliklerini sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge, halkara medeni gatnaşyklary kämilleşdirmäge itergi berýän festiwallar, sergiler, maslahatlar, beýleki medeni-köpçülik çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär.
2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde “Türkmenistan döredijilik ylhamy” atly baýramçylyk serginiň açylyş dabarasyny geçirdi. Sergide welaýatymyzyň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň eserlerinde Ata-Watanymyzyň beýik ösüşlerini, ýurdumyzda bolup geçýän her bir özgerişikleri, wakalary, taryhy şahsyýetlerimiziň keşplerini, görmek bolýar.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmäge, halk köpçüligine wagyz etmäge döredip beren ähli giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun ! 17.06.2025 ý.

Taýýarlan : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: G. Seýidowa

Ýerine ýetiriji:Kompýuter ulgamlaryny dolandyryjy inženeri: Allaýewa A