Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milletimiziň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak, öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň muzeýlerinde işleri döwrebap guramak, işimize döredijilikli çemeleşmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Dünýäde ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen, ýurdumyzyň muzeýlerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalary ulanmak işe girizildi.
Golaýda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arklay geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn orun degişlidigi barada bellemekligi welaýatymyzyň muzeý işgärleriniň kalbyny galkyndyryp ýene-de joşgunly işlemäge ruhlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen “Muzeý işinde innowasion usullar we döwrebap tejribeler” atly hoşallyk maslahatynda, sanly tehnologiýalar zamanasynda muzeýlere tomaşaçylary çekmekde innowasion çözgütleriň işjeň ornaşdyrylyşy barada buýsançly çykyşlar edildi. Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Haknazarow Begenç, Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Aşyrow Parahat, Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ylmy işgäri, arheolog Geldiýew Hemra, Görogly etrabynyň taryh muzeýiniň direktory Gummyýewa Bägül hem-de Daşoguz welaýatynyň we taryhy ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Nurmedowa Laçynyň çykyşlarynda ýurdumyzda medeni mirasy elýeterli etmegiň innowasion usullarynyň işjeň oranaşdyrylmagy taryhy we medeni mirasy gorap saklamaga, halk köpçüligine täsirli ýetirmäge uly mümkinçilikleri berýär diýip bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda ýaýbaňlandyrylan Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň gaznasynda saklanýan gymmatlyklardan gurnalan wagtlaýyn göçme sergä syn etdiler. Sergide ýerleşdirilen her bir gymmatlyk tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Maslahata gatnaşyjylar, geçmişiň beýany bolan muzeýler barada, ýurdumyzyň muzeý işini kämilleşdirmek barada uly aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Taýýarlan:
Daşoguz welaýatynyň we taryhy
ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni: Laçyn Nurmedowa
Ýerine ýetiriji:
Daşoguz welaýat welaýatyn we taryhy
ülkäni öwreniş muzeýiniň kompýuter
ulgamlaryny dolandyryjy inženeri: Aýnur Allaýewa