Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Özüniň bezeg aýratynlygy, özüne çekiljigi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, millilik ruhuny görmek bolýar.Türkmen zenanlarynyň duýgusyndan, gözelliginden, nepis döredijiliginden gözbaş alýan keşdeler öz gymmatyny häzirki günlerimizde-de ýitirmän gelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýä giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Muzeýimizde “Keşdeler we alajalar nepisligiň nusgasy” atly maslahat hem-de el hünärleriniň sergisi guraldy. Sergide muzeý gymmatlyklary bilen bilelikde gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslary bolan kürteleri, düýpli gyňaçlary, el işleri sergilendi.
Halkymyzyň milliliklerini täzeden dikeltmäge we dünýä halklaryna ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys!
07. 07. 2025 ý
Taýýarlan :
Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: Gunça Seýidowa
Ýerine ýetiriji :
Muzeýiň kompýuter ulgamyny
dolandyrmak boýunça inženeri: Aýnur Allaýewa