DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERINDE ZENANLARYŇ ORNY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda zenanlaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarmyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler.
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşoguz welaýat zenanlar bölümi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegine bagyşlanan “Ýurdumyzyň ösüşlerinde zenanlaryň orny” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Daşoguz şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň müdiri mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülruh Haljanowa, Şabat etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň mugallymy Güljan Nazarowa, TMÝG-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Jennet Gulmyradowa, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we saklamak bölüminiň müdiri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Gunça Seýidowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Gurbangül Baýramkulyýewa, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň Karzlaşdyryş bölüminiň esasy hünarmeni, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Çynar Orazowa, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz saglygy goraýyş anyklaýyş merkeziniň baş şepagat uýasy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Tawus Baýramowa dagylar çykyş etdiler.
Zenan mertebesini hormatlamak, gender syýasatyny ilerletmek, jemgyýetde onuň durmuş kadalaryny öňe sürmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! 15.08.2025 ý

Taýýarlan :
Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: Gunça Seýidowa

Ýerine ýetiriji :
Muzeýiň kompýuter ulgamyny
dolandyrmak boýunça inženeri: Aýnur Allaýewa