“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň sentýabr aýynyň 4-ne Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň baýramçylyk toýy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler eýwanynda welaýatyň muzeý işgärleriiň gatnaşmagynda ylmy amaly maslahat geçirildi. Maslahatda welaýat we etrap muzeý işgärleri öňde goýulan wezipeleri we baýramçylyga bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň, sergileriň meýilnamalaryny ara alnyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de täze okuw möwsüminiň başlanmagy bilen mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň muzeýlere syýahatlarynyň artmagyna garaşylýandygy, olara ýokary derejede geçiriljek ekskursiýa işleriniň taýýarlyk işleri barada özara pikir alyşyldy. Duşuşygyň soňunda maslahata gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeler we erkin döredijilikli işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza minnetdarlyk sözlerini aýdyp, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Taýýarlan:
Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew
Ýerine ýetiriji:
Kompýuter ulgamlaryny dolandyryjy inženeri: Allaýewa A