DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

TÜRKMENISTAN-EZIZ WATAN GARAŞSYZ

Hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Şu günler hem ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň 34 ýyllygyna uly depgin bilen taýynlyklar görülýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Daşoguz şäherindäki Gurbansoltan eje adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebinde göçme sergisini gurnady. Sergide taryhy, medeni, etnografik gymmatlyklary we şeýle-de şekillendiriş sungat eserleri gözkezildi. Göçme sergä gatnaşan Lukmançylyk mekdebiniň talyp ýaşlaryna muzeý işgärleri tarapyndan gyzykly ekskursiýa geçildi we olar geçmiş taryhymyza, medeniýetimize we sungatymyza uly gyzyklanma bilen syn etdiler.
Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden – nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Eziz Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
il – ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan :
Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: Aýperi Alyýewa

Ýerine ýetiriji :
Muzeýiň kompýuter ulgamyny
dolandyrmak boýunça inženeri: Aýnur Allaýewa