DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

TÜRKMEN ALABAÝY- MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary esasynda uly ösüşlere, rowaçlyklara beslenýän eziz Watanymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan türkmen alabaýynyň gylyk-häsiýetleri halkymyzyň durmuşynda, halk we çeper döredijiliginde, edebiýatda bagtyýar halkymyz tarapyndan täze öwüşgin bilen nusgalyk derejede baýlaşdyrylýar. Türkmen alabaýynyň baýramçylyk dabaralary sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini sekillendiriş we amaly-haşam sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym - sazly çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirilýär.Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlap Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda türkmen halkynyň alabaýyny çeperçilik sungatynda wasp etmekde “Türkmen alabaýy-milli mirasymyz we buýsanjymyz” atly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň şekillendiriş, heýkeltaraşlyk işleri wasp edilýär. Şeýle-de bu guralan sergide muzeý gymmatlyklary halk köpçüligine ýetirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriniň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizi berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadamlary batly, ýollary şöhratly, janlary sag, ömürleri uzak bolsun !

16.10. 2025 ý

Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: Gunça Seýidowa

Ýerine ýetiriji : Muzeýiň kompýuter ulgamyny
dolandyrmak boýunça inženeri: Aýnur Allaýewa