Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary esasynda uly ösüşlere, rowaçlyklara beslenýän eziz Watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramçylyklara, şatlykly senelere beslenýär. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak hem-de Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çeperçilik sungatynda wasp etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebiniň guramagynda “Ýurt abadan il bagtyýar” atly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebiniň 3-nji, 4-nji synpda okaýan okuwçylaryň Ata-Watanymyzyň ösüşliklerini, Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän eserler suwly reňkde çekilen.Guralan sergä mekdep okuwçylary, mugallymlar, welaýatymyzyň ýaşaýjylary uly gyzyklanma bilen syn etdiler.
Döwletimizi Berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadamlary batly, ýollary şöhratly, janlary sag, ömürleri uzak bolsun !
10.11.2025 ý
Taýýarlan :
Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: Gunça Seýidowa
Ýerine ýetiriji :
Muzeýiň kompýuter ulgamlaryny
dolandyrmak boýunça inženeri: Aýnur Allaýewa