DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

BITARAPLYK – BAKY BAGTYŇ BINÝADY

2025-nji ýyl–“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen, “Bitaraplyk–baky bagtyň binýady” atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi çaga kalplaryndan ýaňlanýan bagtyýarlyk mukamynyň öwüşgini boldy. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungaty hünär ugry boýunça bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar.
Sergide, okuwçylaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň şanyna ýerine ýetiren eserlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän ornunyň, ähmiýetiniň, şeýle-de at-abraýynyň barha belende galýandygy giňden wasp edilýär.
Bitaraplygy bagtyň binasyna deňeýän ýaşajyk suratkeşleriň eserlerini synlanyňda, bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin düýpli tagallalar edilýändigi şonuň netijesinde-de çagalaryň bagtyýar we ruhubelent ýaşamagyna gönükdirilendigine buýsanjyň has-da artýar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 01.12.2025 ý.

Taýýarlan:Medeni aň-bilim we usulyýet işleri bölüminiň
ekskursiýanyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmedowa.

Ýerine ýetiriji : Muzeýiň kompýuter ulgamyny
dolandyrmak boýunça inženeri: Aýnur Allaýewa