Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli muzeýde Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguzly agzalarynyň «Bitaraplyk – baky bagtyň binýady» atly çeperçilik sergi gurnaldy. Sergide ýerli suratkeşleriň milli we watançylyk ruhunda ýerine ýetiren, zergärçilik,heýkeltaraşçylyk,grafika we nakgaşçylyk eserleri görkezildi. Watana bolan söýgüden doly ähli işler türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini we taryhyny açyp görkezýär.
Sergä Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň talyplary,Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşyp, sergide görkezilen eserlerden ylham aldylar.Sergä gatnaşyjylar bu täsirli sergiden hoşal bolup, dabaranyň gurnaýjylaryna minnetdarlyk sözlerini aýdyp, Milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmäge, halk köpçüligine wagyz etmäge döredip berýän ähli giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýtdylar! 15.12.2025 ý.
Taýýarlan:Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew
Ýerine ýetiriji: Kompýuter ulgamlaryny A.Allaýewa
dolandyryjy inženeri: