Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda şanly seneler , goşa-goşadan gelýän toýdur-baýramlarymyz uly şatlyk hem şowhun bilen bellenilip geçirilýär. Şeýle baýramlaryň hatarynda päk arzuwlar, ýagşy umyt arzuwlary dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzda giňden bellenip geçirilýän ulularyň, körpelerimiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy hem gelip ýetdi. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň , Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda Täze ýyly çeperçilik sungatynda wasp etmekde “Bitarap Diýara hoş geldiň Täze ýyl” atly baýramçylyk sergi bäşleşigi guraldy. Sergide Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebiniň we etrap çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungatynyň hünär ugry boýunça 1-2-3-4 synp okuwçylarynyň şekillendiriş işlerinde wasp edilýär. Sergi bäsleşikde ýeňiji bolanlara we işjeň gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi hem-de Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebi bilen bilelikde Hormat hatlary gowşuryldy.
22.12. 2025 ý
Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: Gunça Seýidowa
Ýerine ýetiriji :Muzeýiň kompýuter ulgamlaryny
dolandyrmak boýunça inženeri: Aýnur Allaýewa