“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýen ajaýyp şygara beslenen 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary özüniň gazanýan üstünlikleri bilen dünýäde giňden tanalýar. Geçen ýylyň ýanwar aýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu şanly wakalar toparyň agzalarynyň has-da döredijilikli zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrdy. Şanly ýylda toparyň gazanan ajaýyp ýeňşi gadymy Daşoguz topragynda hem uly toý baýrama beslendi. Bu toý dabara Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki dabaralar meýdançasynda hem geçirildi. Şeýle-de bu dabara toparyň agzalary muzeýde Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň agzalarynyň şekillendiriş we heýkel eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň gurnalan baýramçylyk sergisine syn etdiler.
19.02.2025 ý
Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: Gunça Seýidowa
Ýerine ýetiriji : Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: Uzakberdiýew.B