DAŞOGUZ WELAÝAT TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY

2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylda Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Daşoguz welaýat ýaşlar guramasynyň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebiniň , Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda türkmen bedewini çeperçilik sungatynda wasp etmekde “Behişdi bedewler gözelligiň nusgasy” atly baýramçylyk sergi bäşleşigi guraldy. Bäşleşik sergä Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebiniň we etrap çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylary gatnaşdylar. Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp guralan sergi bäşleşikde türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy şekillendiriş, heýkel eserlerinde wasp edilýär. Bäsleşikde ýeňiji bolan mugallymlara, okuwçylaryň arasynda işen gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary we Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçelik mekdebi bilen bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.

Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri: Gunça Seýidowa

Ýerine ýetiriji : Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: Uzakberdiýew.B