Täze zähmet üstünliklerine beslenip ýyllar döwletli diýarymyza mynasyp ady bilen uly joşguna beslenen şygary bilen gelýär. Ine şu ýyl hem ajap mukam kimin ýakymly eşidilýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bellenýän ýylynyň her bir güni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli babatda ösüşleriň belentligine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Gündogar müçenamasynda ýylky ýyly bilen bile gabat gelen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyz ýylky ýylynyň güýç-kuwwaty, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerliligi aňladýandygyny bellemek gerek. Kaddy-kamaty gylyk-häsiýeti özüne bendi edýän behişdi bedewlerimiz ynsanýet döräli bäri bile bolup, ençeme asyrlar bäri dünýäni haýrana goýýar. Dünýä belli syýahatçy Feodr Konýuhow “haçan-da bu atlary elläp göreniňde eliň aşagynda bakylygy duýýarsyň” diýip behişdi türkmen atlarynyň owadanlygyna uly baha beripdir.
Hem gardaş hem syrdaş hasaplanan bedewlerimizi amaly-haşam sungatynyň iň naýbaşy eserleri bilen bezäpdirler. Muňa senetkärlerimiziň ussatlyk bilen sünnäläp taýýarlan at esbaplarynyň köp görnüşliligi subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “ak patasy” bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde bolşy ýaly, biziň Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň özboluşly gaznasynda hem at esbaplarynyň birnäçesi apalanyp saklanýar. Olardan eýerler, üzeňňiler, ene-mamalarymyzyň uz barmagyndan dörän boýunbag, at ýapynjalar göreniň ünsüni özüne çekýär.
Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý taryhly türkmen halkyny dünýä tanadan gamyşgulak bedewleriň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä ýalkym saçyp, onuň şöhraty barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewleri–biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” kitaplary, milli mirasymyz bolan naýbaşy ahalteke atlary barada hem-de at esbaplary barada muzeý tomaşaçylaryna gürrüň berenimizde uly gollanma bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna, görke eýe bolan at bezegleri şöhratly bedewlerimiziň owadan boýunlaryna has-da görk goşýar. 05.01.2026ý
Taýýarlan:Medeni aň-bilim we usulyýet işleri
bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy L.Nurmedowa
Ýerine ýetiriji : Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: B. Uzakberdiýew