8-nji mart–Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy hakyndaky Kararyna laýyklykda Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler baýramçylyk pul sowgatlaryny gowşurmak ýurdumyzyň ähli ýaşdaky gelin-gyzlaryny begendirýän şatlykly wakadygy barada buýsanç bilen bellediler.
Welaýatda hereket edýän muzeýleriň gelin-gyzlary, zenanlara döwlet derejesinde goýulýan belent hormat üçin Gahryman Arkadagymza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.03.03.2026 ý.
Taýýarlan:Medeni aň-bilim we usulyýet işleri
bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy L.Nurmedowa
Ýerine ýetiriji : Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: Uzakberdiýew.B