Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergiler zalynda, muzeýiň “Şöhrat” muzeý şahamçasynyň gaznasynda saklanýan muzeý gymmamtlyklaryndan “Ýeňişli ýollaryň ýalkymy” ady bilen baýramçylyk sergisi gurnaldy. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gurnalan sergide, Watan ugrundaky söweşlerde türkmen esgerleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, taryhy ýeňşiň gazanylmagyna gelin-gyzlaryň goşan goşandy baradaky maglumatlar giň orun aldy. Daşoguz welaýatynyň Döwlet arhiwinde saklanýan ildeşlerimiziň tylda çeken merdana zähmeti baradaky arhiw suratlary sergide has-da täsirli görünýär. Sergide ýerleşdirilen Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ilhalar ynsan, gaýduwsyz esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň görkezen, nesillere nusgalyk merdanalyk ýoluna bagyşlanan gymmatlyklar ýaşlara görelde mekdebi bolup durýar.
Sergä gatnaşyjylar muzeý işgärleri tarapyndan, Watançylygyň hakyky nusgasyna öwrülen ildeşlerimiz Annagylyç Ataýewyň, Saparmät Hojaýewyň, Jumaniýaz Hudaýbergenowyň we Jumagaly Kaldykaraýewyň söweş meýdanynda görkezen edermenlikleri baradaky maglumatlary uly buýsanç bilen diňlediler.
Watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni çäreleriň biri hökmünde köpleriň kalbynda mynasyp orun alan sergileriň biri bolan bu sergi, köp adamly boldy.
01-10.05.2026 ý.
taýýarlan:Medeni aň-bilim we usulyýet işleri
bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy L.Nurmedowa
Ýerine ýetiriji : Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: Uzakberdiýew.B