DAŞOGUZ WELAÝAT TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

MUKADDES BAÝDAGYMYZ WE ESASY KANUNYMYZ DÖWLETIMIZIŇ SARSMAZ SÜTÜNIDIR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we ýaşyl Tugumyz Ata-Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň, agzybir halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklarynyň beýany bolup durýar. Baş Kanunymyzda tassyklanan her bir bölüm döwletimiziň we raýatymyzyň bähbitlerini nazarlasa, gözümiziň guwanjy bolan ýaşyl Baýdagymyzyň pasyrdysy Watanymyzda gazanylýan ösüşleriň buşlukçysydyr. Türkmen ýaşlarynyň ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda halkara derejelerde geçirilýän bäsleşiklerde, ýaryşlarda üstünlikler gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan pursatlaryny synlamak her birimize egsilmez guwanç-buýsanç duýgularyny eçilýär. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, wagyz-nesihat çäreleri ýokary derejede bellenilip geçirilýär. Bu goşa baýramçylyga bagyşlanyp Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Mukaddes baýdagymyz we esasy Kanunymyz döwletimiziň sarsmaz sütünidir” atly baýramçylyk sergisi açyldy. Sergä il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, muzeý hünärmenleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
19.05.2026 ý
Taýýarlan : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri G. Seýidowa

Ýerine ýetiriji : Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: Uzakberdiýew.B