Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda Daşky gurşawy goramaklyga aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlan Arkadagly Gahryman Serdarymyzň baştutanlygynda Daşky gurşawy goramamk baradaky uly möçberli taslamalarda, durmuşa geçirilýan tutumly işlerde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iyunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenip geçilýär. Daşoguz welaýat häkimliginiň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Ekologiýa abadançylygy-adamzadyň bagtyýarlygy” atly dabaraly maslahat geçirildi. Daşky gurşawy goramak, saklamak tebigy baýlyklary köpeltmek we olary gelejekde halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin peýdalanmak döwrümiziň wajyp meselesi bolup durýar.Bu meseleleri çözmäge her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz mukaddes borjumyzdyr.
Bize şeýle eşretli dumuşda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge uly şertleri döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!05.06.2026 ý
Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri Gunça Seýidowa
Ýerine ýetiriji : Muzeýiñ ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri B. Uzakberdiýew