Türkmenistanda giňden bellenilýan Ylymlar güni mynasybetli Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat şäher komitetiniň guramagynda “Ylym-ösüşleriň binýady” atly maslahat geçirildi.Bu maslahata welaýatyň dürli ylmy pudaklarynda zähmet çekýän TDP-nyň agzalary, mugallymlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşleri, ýetilýän belent sepgitleri barada buýsançly çykyşlar edildi. Maslahatyň soňunda bu ylmy maslahata gatnaşyjylar ýetip gelen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen ýurdumyzyň ähli medeniýet we sungat işgärlerini tüýis ýürekden gutlap, bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan, döredijilikli zähmet çekip, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza sag bolsunlaryny aýdyp, janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 11.06.2026 ý
Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: B. Uzakberdiýew
Ýerine ýetiriji : Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: B. Uzakberdiýew