DAŞOGUZ WELAÝAT TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

MILLI SUNGATYŇ DABARALANMASY

Ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň arasynda geçirilen “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwalyna gatnaşyjylarDaşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresinde, dessançylyk däplerimiziň nesilden-nesle geçmeginde uly orny eýelän welaýatymyzyň halypa bagşy-sazandalaryna bagyşlanan baýramçylyk sergisi bilen içgin tanyşdylar. Sergide ýerleşdirilen eserlerde asyrma-asyr aşyp taraşlanyp, timarlanan bagşyçylyk ugurlarynyň ösmeginde, dessanlarymyzyň toýlarymyzyň bezegine, edebi mirasymyzyň egsilmejek hazynasyna öwrülendigini şöhlelendirilýär. Muzeýiň etnografiýa zalynda ýerleşdirilen milli bagşyçylyk, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan milli gymmatlyklar bilen birlikde welaýatyň halypa dessançy bagşy-sazandalary baradaky maglumatlar dabara gatnaşyjylaryň ünsüni has-da özüne çekdi.
Gezelenç çäresine gatnaşyjylar halkymyzyň milli medeniýetini öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.26.03.2026ý.

Taýýarlan:Medeni aň-bilim we usulyýet işleri bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmedowa

Ýerine ýetiriji : Muzeýiñ ylmy barlag we sergi işlerini guramak bölüminiň ylmy işgäri B. Uzakberdiýew