DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY

Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet bölüminiň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň bilelikde guramagynda, Türkmen Alabaýynyň baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ” atly baýramçylyk sergisi guraldy.

Ak pagta –rysgalyň, bereketiň nyşany

Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary ýylyň dowamyndaky möhüm oba hojalyk çäresine ýagny, pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyz hem rysgal berekete baý ýyllaryň biri boldy. Bu gün ilkinji ak pagtanyň ilkinji ýygymy Watan harmanyna tabşyrylýar. Şu dabara mynasybetli Köneürgenç etrabyndaky Pagta arassalaýjy kärhanasynyň töweregi toý dabarasyna beselendi.

“MYHMANÇYLYKDA . . . ”

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde ildeşlerimiziň her biri toýa sowgatly barmak üçin yhlas edýär.

Sarpasy Belent Pyragy

Söz mülküniň soltany, pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň miras galdyran köňül kelamlary dilden–dile geçip, dünýä halklarynyň hakydasynda görnükli orun aldy.

Köneürgenç binägär ussalaryň şäheri

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň bellenilýän ýylynda ýurdumuzda ähli ugurlarda öňe gidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni we taryhy gymmatlyklarymyza, uly sarpa goýulýar . Awgust aýynyň 17-ne muzeýde geçirilen “Köneürgenç binägär ussalaryň şäheri” atly dabaraly çäräniň özi muňa aýdyň mysaldyr. Bu dabaraly çäräniň çäginde muzeýimiziň wagtlaýyn sergiler bölüminde Köneürgenç döwlet goraghanasyndan tapylan taryhy tapyndylarynyň göçme sergisi gurnaldy.

Ene mirasy mukaddesdir

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan ösdürmäge we öwrenmäge uly üns berilýär.

Ylymlar güni mynasybetli geçirilen maslahat

Ylymlar güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlistler zalynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylmy gadamlary” atly ylmy amaly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň syýasy jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, degişli edara – kärhananalaryň ýolbaşçylary,we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Watan gahrymanlary kalplarda ýaşar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik ýeňiş güniniň 79 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar.

Daşky gurşawa bagyşlanan bäsleşik

Ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TMÝG-nyň welaýat Geňeşi, Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak-durnukly ösüşiň möhüm Konsepsiýasy” atly ÝUNESKO kluby, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi

Ýaş halyçy gyzlaryň bäsleşigi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen “Iň gowy haly gurnagy” atly bäsleşikde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi göçme sergisini gurnady.