DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Ylymlar güni mynasybetli geçirilen maslahat

Ylymlar güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlistler zalynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylmy gadamlary” atly ylmy amaly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň syýasy jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, degişli edara – kärhananalaryň ýolbaşçylary,we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Watan gahrymanlary kalplarda ýaşar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik ýeňiş güniniň 79 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar.

Daşky gurşawa bagyşlanan bäsleşik

Ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TMÝG-nyň welaýat Geňeşi, Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak-durnukly ösüşiň möhüm Konsepsiýasy” atly ÝUNESKO kluby, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi

Ýaş halyçy gyzlaryň bäsleşigi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen “Iň gowy haly gurnagy” atly bäsleşikde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi göçme sergisini gurnady.

Gözelligiň nusgasy şöhratly bedewlerimiziň çeper waspy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary esasynda uly ösüşlere, rowaçlyklara beslenýän eziz Watanymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan türkmen bedewiniň waspy halkymyzyň durmuşynda, halk we çeper döredijiliginde, edebiýatda bagtyýar halkymyz tarapyndan täze öwüşgin bilen nusgalyk derejede baýlaşdyrylýar.

Sagdynlyk – döwletimiziň baş ýörelgesi

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.

Magtymguly Pyragy we edebi miras

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň peder ýoluny dowam etdirmeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy beýikde tutulýar.

Kitap – kämilligiň gözbaşy

“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň halkymyzyň eline gowuşmagy göwün kalplarymyza joşgun berdi.

Baharda Watanymyzyň waspy

2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni mynasybetli gözel tebigatymyzy, daşky gurşawyň sazlaşygyny, ekologiýa abadançylygyny çeper şekilleriň üsti bilen wasp etmek maksady bilen, muzeýiň eýwanynda Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Baharda Watanymyzyň waspy” atly surat çekmek bäsleşiginiň sergisi geçirildi.

Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi “Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda” atly çärede özüniň göçme sergisini gurady. Sergide muzeý gaznasyndan milli gymmatlyklarymyzdan ybarat bolan ýygyndylar sergilendi. Şeýle-de M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň çeperçilik bölüminiň talyplary özleriniň çeken nakgaş eserleri bilen gatnaşyp, sergä hasam öwüşgin berdi.