Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Ýüreklerde baky ýaşar gerçekler” atly şygar bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren “Döwlet guşy”, “Mertler Watany beýgeldýärler”, “Älem içre at gezer”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly eserleri, “Şöhrat”, “Hatyra” ýadygärlik kitaplary uruş weteranlaryna berlen orden–medallaryň şahadatnamalary, esger egin–eşikleri, esbaplary goýuldy.