DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELER

Parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrülen çäreleriň birnäçesi Hatyra güni mynasybetli muzeýde giňden geçirildi.

Garaşsyzlyk – bagtymyz

     Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň    31 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide ýaýbaňlandyrylan bereketli türkmen saçagyny, toý döwresini ýatladýan pursatlaryň, milli we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň ajaýyp görnüşleri aýratyn täsirli boldy.

HER BIR DÄNÄŇ MÜŇ BOLSUN!

Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Daşoguz welaýatynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlik bugadýyň ekişine guramaçylykly girişildi. Bu möhüm çäre mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk sergisi guraldy.Şöhratly taryhly ata-babalarymyzyň bugdaý ýetişdirmekdäki tejribelerini beýan edýän bu sergä, il sylagly  ýaşulylary, öňdebaryjy gallaçy daýhanlar we ussat mehanizatorlar   gatnaşdylar.

* * *

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri halkymyza giňden wagyz etmek, olary mynasyp derejede wasp etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi TDP-niň welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda “Täze taryhy eýýamda milli mirasymyzyň sarpasy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri edebiýatymyzy, bagşyçylyk, heýkeltaraşlyk sungatymyzy ösdürmäge bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmaga döredilýän mümkinçilikler we şertler barada buýsançly belläp geçdiler.

Sungat sarpasy

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar hem-de sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygider geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri muzeýde“Sungatym bar-hormatym bar” ady bilen geçirildi.

Muzeýde hoşallyk maslahaty geçirildi

Muzeýiň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň milli mirasymyzy, medeniýetimzi we sungatymyzy  ösdürmäge döredip berýän  giň  mümkinçiliklerinden ruhlanyp, “Taryhdan gözbaşly ajap döwrümiz, alkyşlaýar Arkadagly Serdary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige welaýatda hereket edýän muzeýleriň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdirleri hem-de ylmy işgärleri gatnaşyp çykyş etdiler.

MEDENIÝETIŇ-SUNGATYŇ BAGTYÝARLYK TOÝY

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şanyna muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly baýramçylyk sergisi toý ruhuna beslendi. Sergide ýerleşdirilen welaýatyň medeni durmuşyndan habar berýän muzeý gymmatlyklarydyr nakgaş eserlerini synlanyňda halkymyzyň adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýandygyna buýsanjyň artýar.

GAHRYMANLAR ÝÜREKLERDE ÝAŞAÝAR

        Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Gahrymanlar ýüreklerde ýaşaýaratly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide Beýik Watançylyk urşunyň gazaply aldym-berdimli söweşlerinde şirin janyny gaýgyrman söweşen ildeşlerimiziň görkezen-watançylygyň hakyky nusgasyna öwrülen edermenliklerini   şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň birnäçesi sergilendi.

ŞÖHRATLY TARYHA GOÝULÝAN SARPA

       Ýurdumyzyň arheologlarynyň, binagärlik boýunça taryhçylarynyň, rejeleýjileriniň, syýahatçylyk işgärleriniň, şeýle-de ähli taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleriniň, şeýle hem daşary ýurtly hünärmenleriň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäginde muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda gurnalan muzeý gymmatlyklarynyň sergisi köp adamly boldy.

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir gün ajaýyp taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigini “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň maýynda gözel paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy hem aýdyň tassyklady.