DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

JOŞGUNLY KÖŇÜLLERIŇ OWAZY

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli welaýatymyzyň dessançy bagşylarynyň “Garaşsyzlyk–dillerimiziň dessany” atly festiwalynyň açylyş dabarasy ýakymly, ýatda galyjy pursatlara beslendi.

DÖWRÜŇ RUHY JOŞGUNYNYŇ DABARASY

Aziýanyň merjen şäheri diýip taryp edilýän gözel paýtagtymyz Aşgabatda Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhuna beslendi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen her bir dabaraly çärede milli medeniýetimiziň gadymylygy, özboluşlylygy we köp öwüşginliligi şöhlelendi. Şeýle baýramçylyk sergileriňdir, maslahatlaryň ençemesi Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de geçirildi.
* * * * *

Ylhamym, joşgunym – Türkmenistanym

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ençeme täze eserlerini Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergiläp, halkymyza ýetiren Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň suratkeşleriniň we heýkeltraşlarynyň “Ylhamym, joşgunym–Türkmenistanym” atly sergisi bu gezek hem köp adamly boldy. Sergide ýerleşdirilen eserleriň her biri, şekillendiriş sungatynyň biziň durmuşymyz bilen berk baglanşykly bolup kalbymyzyň töründen baky orun alandygyna şaýatlyk edýär.

YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan il bähbitli işleri wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de dürli medeni çäreler giňişleýin geçirilýär.

GAHRYMANLAR ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAÝAR

1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň   78 ýyllygy mynasybetli muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşaýar” ady bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide döwürleriň hem nesilleriň arasyndaky mizemez baglanyşygy has-da berkiden, parahat durmuş, bagtyýar geljek üçin şirin janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimiziň geçen gahrymançylykly ýoluny beýan edýän nakgaş eserleri bilen birlikde, tylda zähmet çeken adamlaryň durmuşy baradaky maglumatlar hem giň orun aldy.

WATANYMDA SARPALYDYR BEDEWLER

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni çäreleriň biri Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda geçirildi. Halkymyzyň göz-guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň şanyna, “At–türkmeniň buýsanjy” ady bilen guralan baýramçylyk sergisi gözellikde, ýyndamlykda, düşbülikde dünýä ady dolan behişdi bedewlerimiziň bu günki ajaýyp döwrümizde şan-şöhratynyň barha beýgelýändiginiň aýdyň şöhlelenmesi boldy.

PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI

     Şeýle at bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik ýokary ruhubelentlige beslendi.

Äleme ýeter ene soýgüsi

“Halkara zenanlar güni” mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda guralan “Zeminiň görki zenanlar” atly baýramçylyk sergisinde Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň heýkel hem-de surat eserleri sergilendi. Dürli reňkleriň üsti bilen enäniň perzendine bolan mähir-muhabbeti, gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary, bahar paslynyň    al-elwan gülleri  beýan edilen eserler sergini synlanlaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

* * * * *

Röwşen gelejege barýas Arkadagly Serdar bilen

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Röwşen gelejege barýas Arkadagly Serdar bilen” atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi.

Çeperçilik ylhamlaryň joşguny

      2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy mynasybetli muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň agzalarynyň çeper döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy bolup geçdi.