Türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olary mert, edermen edip ýetişdirmek, ynsanyň iň wepaly dosty alabaýlarymyzy ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen “Türkmen alabaýy” baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmen alabaýynyň sungatda waspy” baýramçylyk sergisi gurnaldy.
Sergide ýerleşdirilen nakgaş we heýkel eserlerinde wepadarlygy, hüşgärligi, we duýgurlygy, bilen tapawutlanýan milli gymmatlyklarymyz derejesinde sarpalaýan alabaýlarymyz çeper wasp edildi.