DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

BUÝSANÇNAMA

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ýanwar aýynda yglan eden “Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap” atly bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleriniň arasynda geçirildi.

USULYÝET MASLAHATYNA GATNAŞYLDY

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň muzeýleriniň gatnaşmagynda “Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti” atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geiçrildi. MaslahataTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Watan mukaddesligi muzeýiniň şeýle-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň muzeýleri bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem gatnaşdylar. 

Akyl hazynasy–paýhas merjeni

Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “Akyl hazynasy–paýhas merjeni” ady bilen, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösmlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik eseriniň XIII tomunyň sowgat berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata welaýatyň çäginde hereket edýän muzeýleriň işgärleri gatnaşyp, “Türkmenistanyň dermanlyk ösmlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik eseriniň ähmiýeti, muzeý işgärleri tarapyndan wagyz edilişi dogrusynda çykyşlar edildi.

DÜR ÝASALMAZ USSATSYZ

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler zalynda “Zergärçilik sungaty–halkymyzyň gözellik zynaty” atly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata zergärler bilen bilelikde muzeý işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary şol sanda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

MUKADDES GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI

“Türkmenistan–pahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenilýän ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyna Merdan Kakabaýewiň özi tarapyndan, 30 sany nakgaş eseriniň sowgat berilmegi buýsançly ýagdaýdyr. Suratkeş Merdan Kakabaýewiň çuň mana ýugrulan eserleriniň muzeýe sowgat berilenleriniň sanynyň barha köpelýändigi,  hem-de olaryň tomaşaçylar, ýetginjek suratkeşler tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanmagy zehinli suratkeşiň döredijiligini ýene-de ruhlandyrýar.          

Türkmenistan parahatçylyk dörediji döwletdir

Şeýle şygar astynda 20-nji awgustda ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirileniş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Maslahatda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň,  6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli we netijeli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy halklaryň ýakynlaşmagyna we dost-doganlygyň berkemeginde uly ähmiýete eýe bolandygy dogrusyndaky çykyşlara uly orun berildi.

GARAŞSYZ WATANYM DILDE-DESSANYM

      Milli mirasymyzyň hak hossary Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny-milli mirasymyzy ösdürmek barada edýän tagallalaryndan ugur alyp, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde  bagşyçylyk sungaty we dessan ýoluny wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz  Watanym dilde-dessanym” ady bilen, welaýatymyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik we milli mirasymyzy beýan edýän sergi guraldy.

ŞUGLASY NUR SAÇÝAN BINA

        “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň     21-nji  iýulynda  hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedow  mukaddes Gurban  baýramynyň  bellenilýän  sahawatly  günlerinde Daşoguz  welaýatyna amala  aşyran  iş saparynyň çäginde, welaýat merkezinde gurlan  döwletli döwranymyzyň şaýady, toý-baýramlarymyzyň mekany boljak “Türkmeniň  ak öýi” binasynyň  açylyş  dabarasyna  gatnaşdy. 

ÇÄJIŇIZE BEREKET, EDERMEN GALLAÇYLAR!

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda hem   saçaklaryň rysgal-berekedi guşgursak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanynda Hormatly Prezidentimiziň “Ak pata” bermeginde welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň galla oragyna girişildi.

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasynyň hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli muzeýde “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly baýramçylyk dabaraly maslahaty geçirildi.