Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen ösýän, özgerýän Daşoguz welaýatymyzda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň festiwalynyň toý dabarasy taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Iki goňşy döwletiň köpdürli, öwüşgünli medeniýeti, sungaty, ynsanperwer ýörelgelerini baglanyşdyrmakda, sazlaşykly utgaşdyrmakda hem baýlaşdyrmakda, uly ähmiýete eýe bolan bu dost-doganlyk festiwaly ruhy joşguna, şatlykly pursatlara beslendi.