DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

SUNGATDA PARAHATÇYLYGYŇ BEÝANY

        Daşoguz  welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde  ýurdumyzda  bellenilýän şanly senelere bagyşlanyp   şeýle-de sungatyň dürli ugurlary boýunça yzygiderli gurnalýan wagtlaýyn sergiler  ildeşlerimiziň ruhy taýdan dynç almagy üçin uly ýardam edýär. Şeýle sergileriň biri ýakynda Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň ýerine ýetiren dürli görnüşli nakgaş eserlerinden gurnaldy.

Halypa hatyrasy

       Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde    2021-nji “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinde, ýurdumyzyň baş baýramy–Garaşsyzlygymyzyň şanly   30 ýyllygy mynasybetli zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary geçirmeklige işjeň girişildi. Şeýle ýatda galyjy aýdym-sazly duşuşyklaryň biri muzeýde  2021-nji  ýylyň 29-njy  ýanwarynda  “Halypa  hatyrasy”  ady bilen geçirildi.

Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

2021-nji “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk sergisi muzeý gymmatlyklaryndan we şekillendiriş sungaty eserlerinden gurnalyp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek ýylynda muzeý işgärleriniň sowgady boldy.

Bitaraplyk bagty

Binýady berkarar döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň, baky Bitaraplyk taglymatynyň sebitde, bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary, türkmen halkynyň milli ýörelgelerine esaslanýan, hoşniýetli gatnaşyklara, parahatçylyga gönükdirilen Bitaraplyk syýasaty babatdaky taryhy tejribesi bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar.

Bitaraplyk–şu günümiziň we röwşen geljegimiziň şamçyragydyr

Şeýle şygar bilen “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda muzeýiň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk senesiniň dabaralandyrylýan ýylynda amala aşyrylan beýik işleri giňden wagyz etmek maksadynda geçirilen maslahata welaýatyň muzeý işgärleri gatnaşdylar.

ŞEKILLERDE BAKY BITARAPLYGYŇ WASPY

Golaýda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak  hem-de hemişelik  Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk  şanly  senesi mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi  welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde    Bitaraplyk-baky  buýsanjym  atly surat çekmek boýunça we sergi bäsleşigini  geçirdi.

Rysgal-berekediň şanyna tutulan toý mynasybetli...

Türkmenistan-Bitaraplygyň  mekany  ýylynda  Baky Bitaraplygymyzyň şanly

25 ýyllyk toýunyň toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän rysgal-berekediň toýy–Hasyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda muzeýiň mejlisler zalynda “Bereket mekany eziz Diýarym!” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Halypa-şägirtlik ýoly rowaçlanýar

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy  mynasybetli   Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda welaýatymyzyň halypa bagşy-sazandalarynyň, döredijilik işgärleriniň hem-de Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda edebi aýdym-sazly duşuşyk agşamy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetimiz, sungatymyz hakda irginsiz aladalar edýär. Hut şonuň netijesinde hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde milli aýdym-saz we bagşyçylyk sungatymyz uly ösüşleri, özgerişleri başdan geçirýär.

Pagtaçylaryň armasy ýetirildi

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň güýz pasly zähmet üstünliklerine beslenýär. Gazanýan ajaýyp netijelerine guwanýan pagataçy daýhanlarymyz uzak wagtyň dowamynda der dökülip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, ähli derwaýys aladalary ýokary depginde amala aşyrýarlar. Şeýlelikde olaryň armasyny ýetirmek, işe bolan höwesini artdyrmak ugrunda dürli medeni çäreler yzygiderli guralýar.

Millilik ýörelgelerimiz-Buýsanjymyz

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýinde TMÝG-niň welaýat geňeşi hem-de welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, ýaşlaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.