DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Bäsleşik geçirildi

Daşoguz welaýatynyň  taryhy we ülkäni  öwreniş  muzeýiniň  sergi  zalynda  Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky  Ýaşlar  guramasynyň  Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň  Medeniýet  ministrliginiň  we Türkmenistanyň  Telewideniýe, radiogepleşikler  we  kinematografiýa  baradaky  döwlet  komitetiniň  bilelikde  yglan eden  “Senet-eliň  altyn  bilezigi”  atly  döredijilik  bäsleşiginiň  welaýat  tapgyry  geçirildi.

Şanly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak täze arheologik tapyndylar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň durmuşynda ösüşiň belentliklerine tarap täze gözlegler bilen gitmek tapgyryna badalga berlip, türkmen halkynyň medeni-ruhy galkynyşyny beýan etmek döwlet syýasatynyň baş ugruna öwrüldi. Şanly taryhymyzdan gözbaş alýan täze eýýamda milli medeniýetimiz düýpli öwrenilýär.

Toý toýlanýar Medeniýetyiň şanyna

      Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar hem-de täze zehinleri ýüze çykarmak bilen döredijilik işgärlerini hünär derejesini ýokarlandyrmaga höweslendirýär. “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” şygary bilen geçýän 2020-nji ýylyň   22-27-nji iýuny aralygynda Diýarymyzyň demirgazyk sebiti-Daşoguz welaýatynyň tutuş giňişligi Medeniýet hepdeliginiň uludan tutulýan toýunyň şatlyk-şowhunyna gurşaldy.

Ile döwlet geler bolsa...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiz we sungatymyz uly ösüşlere ýetdi. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga hem-de ösdürmäge giň mümkinçilikler döredildi.

Muzeý gymmatlyklary mirasymyz

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2020-nji ýylyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly gorap saklamak we sergilemek, halka wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen Watana, halkyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi birnäçe göçme sergileri guraýar.

Şanly senä bagyşlanan sergi

    Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Ýüreklerde baky ýaşar gerçekler” atly şygar bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren “Döwlet guşy”, “Mertler Watany beýgeldýärler”, “Älem içre at gezer”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly eserleri, “Şöhrat”, “Hatyra” ýadygärlik kitaplary uruş weteranlaryna berlen orden–medallaryň şahadatnamalary, esger egin–eşikleri, esbaplary goýuldy.

Milli mirasymyzyň hazynasy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralyndaTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň, muzeýlerimiziň gaznalarynyň üstüni täze tapyndylar bilen ýetirmek barada beren tabşyryklarynyň netijesinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri welaýatyň dürli etrapdyr–obalarynda bolup  her biri şöhratly taryhymyzdan söz açýan gymmatlyklaryň ençemesini toplap muzeýe getirdiler.

Muzeý gaznasy baýlaşýar

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri welaýatyň dürli etrapdyr–obalarynda bolup, şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinden miras galan milli gymmatlyklarymyzy toplamak hem-de olary geljekki nesillere ýetirmek babatynda uly işleri alyp bardylar.

Bedew atym–ganatym

Belent maksatly menzillere tarap öňe barýan döwletli Diýarymyzda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda muzeýde bedew esbaplarynyň, şaý–sepleriniň wagtlaýyn sergisi hem-de “Bedew atym–ganatym” diýen buýsançly at bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberdi Baýramow çykyş edip, türkmen bedewiniň aýdym–saz sungatyndaky waspy barada gyzykly söz açdy.

Gadymyýetden söz açýan sergi

    Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Sergide gyz–gelinlerimiziň ezber elleriniň gudratyndan dörän türkmen halylarynyň nusgalary, hormatly Prezidentimiziň türkmen halyçylyk sungatyny wasp edýän “Enä tagzym mukaddeslige tagzym”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp eserleri, milli saz gurallarynyň birnäçe görnüşleri tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi.