DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ŞUGLASY NUR SAÇÝAN BINA

        “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň     21-nji  iýulynda  hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedow  mukaddes Gurban  baýramynyň  bellenilýän  sahawatly  günlerinde Daşoguz  welaýatyna amala  aşyran  iş saparynyň çäginde, welaýat merkezinde gurlan  döwletli döwranymyzyň şaýady, toý-baýramlarymyzyň mekany boljak “Türkmeniň  ak öýi” binasynyň  açylyş  dabarasyna  gatnaşdy. 

ÇÄJIŇIZE BEREKET, EDERMEN GALLAÇYLAR!

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda hem   saçaklaryň rysgal-berekedi guşgursak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanynda Hormatly Prezidentimiziň “Ak pata” bermeginde welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň galla oragyna girişildi.

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasynyň hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli muzeýde “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly baýramçylyk dabaraly maslahaty geçirildi.

MÄHIR MUKAMY SIŇEN SUNGAT

         Ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerini ýaýbaňlandyrmak şeýle-de hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň, ören jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramagynda “Mähir mukamy siňen sungat” atly maslahat geçirildi.

WATAN GERÇEKLERI BAKY DIRIDIR

      Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Watan gerçekleri baky diridir” atly şygar bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide, uruş döwrüniň kynçylykly durmuşyny, türkmen esgerleriniň merdanalygyny, tyldaky ýaşaýşyň dürli pursatlaryny şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň birnäçesi sergilendi.

Türkmen bedewleri hem-de türkmeniň alabaýy milli buýsanjymyz

     Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen halkymyz, owadanlykda hem ýyndamlykda dünýä meşhur behişdi bedewlerimiziň hem-de ak öýlerimiziň gelişigi türkmeniň alabaýynyň şan-şöhratyny belende galdyryp, toý toýlaýar.

GADYMY SUNGATYŇ BEÝIK SENEDI

      Milli mirasymyzy bütin dünýä ýaýmak, onuň gadymylygyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, şeýle hem zehinli ýaşlary halk köpçüligine tanatmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de giň gerimli işler alnyp barylýar. Golaýda muzeý işgärleri “Dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak, bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO–nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň görnükli nusgalarynyň                    sanawyna hödürlenmegi mynasybetli “Gara gazma dil bitiren”atly aýdym-sazly duşuşygyny gurady.

TOHUMYŇ MÜŇLÄBERSIN, PAGTAÇY DAÝHAN!

Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, il sylagly ýaşulularyň “Bissimillasy” bilen gowaça ekişine welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Biruny adyndaky daýhan birleşiginiň giň pagta meýdanlarynda başlandy.

Ene keramatdyr, keremdir

     Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mährem eneler,           gelin-gyzlar barada uly alada edilýär. Döwletimizde zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryna goýulýan sarpa  Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan her bir işinde aýdyň duýulýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde baharyň özüne çalymdaş zenanlaryň şanyna bellenýän baýram–Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy hakyndaky Karara gol çekmegi hemmeleriň şatlygyny artdyrdy.

SEKILLERDE WATAN WASPY

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde     2021-nji - Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýyly mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren  “Mertler Watany Beýgeldýär” atly kitabynyň esasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň,  Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň çagalar  çeperçilik  mekdebiniň bilelikde  guramagynda “Watan waspy” atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi