Täze zähmet üstünliklerine beslenip ýyllar döwletli diýarymyza mynasyp ady bilen uly joşguna beslenen şygary bilen gelýär. Ine şu ýyl hem ajap mukam kimin ýakymly eşidilýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bellenýän ýylynyň her bir güni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli babatda ösüşleriň belentligine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda şanly seneler , goşa-goşadan gelýän toýdur-baýramlarymyz uly şatlyk hem şowhun bilen bellenilip geçirilýär. Şeýle baýramlaryň hatarynda päk arzuwlar, ýagşy umyt arzuwlary dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzda giňden bellenip geçirilýän ulularyň, körpelerimiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy hem gelip ýetdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli muzeýde Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguzly agzalarynyň «Bitaraplyk – baky bagtyň binýady» atly çeperçilik sergi gurnaldy. Sergide ýerli suratkeşleriň milli we watançylyk ruhunda ýerine ýetiren, zergärçilik,heýkeltaraşçylyk,grafika we nakgaşçylyk eserleri görkezildi. Watana bolan söýgüden doly ähli işler türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini we taryhyny açyp görkezýär.
2025-nji ýyl–“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen, “Bitaraplyk–baky bagtyň binýady” atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi çaga kalplaryndan ýaňlanýan bagtyýarlyk mukamynyň öwüşgini boldy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary esasynda uly ösüşlere, rowaçlyklara beslenýän eziz Watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramçylyklara, şatlykly senelere beslenýär. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak hem-de Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çeperçilik sungatynda wasp etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi,
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary esasynda uly ösüşlere, rowaçlyklara beslenýän eziz Watanymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan türkmen alabaýynyň gylyk-häsiýetleri halkymyzyň durmuşynda, halk we çeper döredijiliginde, edebiýatda bagtyýar halkymyz tarapyndan täze öwüşgin bilen nusgalyk derejede baýlaşdyrylýar.
Hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Şu günler hem ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň 34 ýyllygyna uly depgin bilen taýynlyklar görülýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Daşoguz şäherindäki Gurbansoltan eje adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebinde göçme sergisini gurnady. Sergide taryhy, medeni, etnografik gymmatlyklary we şeýle-de şekillendiriş sungat eserleri gözkezildi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň sentýabr aýynyň 4-ne Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň baýramçylyk toýy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler eýwanynda welaýatyň muzeý işgärleriiň gatnaşmagynda ylmy amaly maslahat geçirildi. Maslahatda welaýat we etrap muzeý işgärleri öňde goýulan wezipeleri we baýramçylyga bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň, sergileriň meýilnamalaryny ara alnyp maslahatlaşdylar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda zenanlaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarmyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milletimiziň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak, öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň muzeýlerinde işleri döwrebap guramak, işimize döredijilikli çemeleşmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Dünýäde ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen, ýurdumyzyň muzeýlerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalary ulanmak işe girizildi.