DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Bitarap mekanda galkynýar sungat

Hormatly  Prezidentimiz tarapyndan 2020-nji ýyly  “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi her bir türkmenistanlynyň ata-watana bolan  buýsanjyny, guwanjyny we söýgüsini artdyrdy.Bu şygar astynda  Bedew bady bilen öňe barýan mähriban diýarymyzda hormatly Arkadagymyz  ýaşlarymyzy watansöýüji edip ýetişdirmekde,olara gadymdan gelýän milliliklerimize uýmaklygy ündemek we wagyz etmek ýaly meselelere uly üns berýär.

Muzeý gymmatlyklarynyň üsti ýetirilýär

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan   halkymyzyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly gymmatlyklary toplamak,    öwrenmek we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek babatda asylly işler durmuşa   geçirilýär. Ýakynda muzeýiň işgärleri welaýatymyzyň dürli künjeklerinde iş saparynda boldular. Saparyň netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş–durmuşy, milli senetçilik sungaty, el hünäri we öý–hojalyk işlerinde ulanylan iş gurallary toplanylyp, muzeýiň maddy–medeni gymmatlyklarynyň üsti ýetirildi.

Nowruz geldi Arkadagly Diýara

Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününiň  şanyna guralýan dabaralar, geçirilýän şatlyk-şowhunly çäreler çuň many-mazmuna baýlygy bilen bir-birlerinden tapawutlanýar. Olaryň adamlaryň rahat  dynç almaklaryny üpjün etmekde, eziz Diýarymyza, bagtyýar döwrümize bolan söýgüni artdyrmakda uly ähmiýeti bar.

Baýramçylyk sergisi.

      2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda   “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýyly hem-de  Halkara zenanlar güni  mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň  we Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde  guramagynda Gözelligiň waspyatly  baýramçylyk sergisi açyldy.  

“Bitarap Diýarymyň sungatda waspy” atly sergi

      Şu at bilen 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda  Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli  Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň Nakgaşçylyk bölüminde okaýan talyplarynyň döreden   eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

     Serginiň açylyş dabarasyna muzeýiň hünärmenleri ady agzalan ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary, mugallymlary   hem-de Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmen halysy-umumyadamzat ähmiýetli gymmatlyk

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly “Türkmen halysy-umumyadamzat ähmiýetli gymmatlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.

ARKADAGYŇ ESERLERI AK ÝOLLARYŇ DOWAMATY

Uly üstünliklere beslenen “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan gününde hormatly Prezidentimiziň halkymyza ýene-de bir täze eserini sowgat bermegi, halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu baýramçylyga bagyşlap, “Ýaşasyn parahat durmuş!” diýip atlandyrylan täze ýazan goşgusyndan ruhlanyp Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “ARKADAGYŇ ESERLERI AK ÝOLLARYŇ DOWAMATY” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.